Türkmençe   По Руский   Türkçe   English
Online: 12 |   Sign In  |  Sign Up  
Wesýetler - Kerim Gurbannepesow
Rating: 3.9/5 (total 34 vote)
Length   :  4:26 min.
Bit Rate  :  128 kbps
Size      :  4,266 KB
Download     Embed
  • 611116 2010-02-25 23:19
    Shu goshgyny yazana hemmem bize yetiren adama mun gezek sag bolsun aydyan sizin sesiniz bolsa hemishe bizin yurdumyzda yanlansyn
  • agent556 2010-02-19 07:39
    Hyzmaty geçelere köp köp sagbolsun diyyarin!!! Respect...
  • ceriumoxide 2010-02-09 04:26
    Örän gowy bolar! Sabyrsyzlyk bilen garaşarys!
  • Dovletdiktor 2010-02-08 12:27
    Шу гошгын эсасында гысга говрумли фильм чыкармак теклибини "Туркменфильм"-ин байры режиссерларна етирдим. Несип болса,бу фильм дорар диен умыдым бар.
  • yoloten 2010-01-26 14:11
    şeyle goşgylan hasam yaraya mana. minnetdar agam
  • atajan 2009-11-28 12:35
    sagja bol yolongh agh bolsn her necha dinlesemda doyb blemog(eyrandaki turkmenler)
  • shaher 2009-11-27 16:10
    wahh dostjan shuna klip dushurayda, kino yaly klip bolmalyda yone, gayrat et dost
  • shaher 2009-11-27 16:10
    in kop dinlenen goshgynam shul ekena
  • mamed 2009-11-20 07:09
    говы гошгылар
  • betbagshy 2009-10-30 08:02
    Molodes prosta super.........Dowletjan
  • Jemaljan 2009-10-13 19:29
    Bolshoye spasibo! Posle etogo stiha ya zadumalas o svoyey jizni :)Spasibo!!!
  • jenap 2009-09-19 10:33
    ooran gowy yyazylan goshgy, agam sizem tuuweleme gaty gowy okapsyngyz
  • bahram-1987 2009-08-01 10:29
    SAG BOL
  • merdancary116 2009-07-09 15:17
    Berekella agzynga saglyk dowamyny dileyyaan...
  • şaja 2009-07-08 21:15
    Dovlet agam,gayrat etde Kerim aganyn goşgylaryny köprak okasana,senden hayiş,sen goşgulanni dinlesem Turkmenistana baran yalak bolyan.Ömrün bolsun agam.
  • bibijan 2009-07-04 17:21
    Eger kyn bolmasa, Dovlet, Kerim aganyn Omrume pent dien goshgusynam okayyn, sozleri bilen bolsa hasam gowy. Shol goshgysy oran manyly goshgularynyn biridi. Goshgularnyza shu gun gabat gelip dinlap gordum, diysen gowy okapsynyz. Ishlerinizde ullakan ustunlikler!
  • cool_guy 2009-06-20 09:46
    goshgyny oran manyly soz yok dovletin sesi hem ayratyn gelishipdir respect))) sagja bolun
  • Dovletdiktor 2009-06-18 16:58
    Sag boluñ,meñ úçin iñ uly bayrak $ular ýaly sõzler!!!
  • Jenka 2009-06-18 10:42
    Oran gowy goshgy aglatdam, tanryyalkasan kop kop!!!!!
  • myahri91 2009-05-11 01:54
    Oran onat !!! inim tikeniklap gitdi manyly goshgy , hazirki yashlara dinletmeli shu goshgyny ))))
  • Dovletdiktor 2009-04-15 16:03
    Ягшы созлерине саг бол! Сиз ялы динлейжи учин наче ыхлас этсен аздыр!!!
  • jara 2009-04-15 12:07
    Gosgini yazanin yene birgezek eline saglik yatan yeri yagti bolsun yazmagama bir sungat okamagam ikinji bir sungat agam diline saglik isin rowac alla yarin bolsun agam toylarda goruseli...
  • Dovletdiktor 2009-04-15 06:17
    Миннетдар!Менем Керим аган гошгыларыны оран говы горйан. Хазир Бердиназар Худайназаровын ве башга да бир наче шахырларын гошгыларынын устунде ишлейарис. Лайык гелшйан сазларын гозлегинде. Несип болса оларам иле етирерис.
  • Dovletdiktor 2009-04-15 06:17
    Миннетдар!Менем Керим аган гошгыларыны оран говы горйан. Хазир Бердиназар Худайназаровын ве башга да бир наче шахырларын гошгыларынын устунде ишлейарис. Лайык гелшйан сазларын гозлегинде. Несип болса оларам иле етирерис.
  • Margiana 2009-04-15 02:36
    Dost sagja bol, gaty gowy okapsyn. dinlap oya batypdyrn. Kerim agan goşgylaryndan köpirak goysana
  • Dovletdiktor 2009-04-11 01:59
    Mсpon,сенем тувелеме гошгы дагам динлейанов! Dj дине диксс-диксс-ден кейп эдйардир ойдйардим))))))) сагжа бол тесвирлере!
  • mcpon 2009-03-30 18:30
    molodes prosto tashyus super.manysy kop.
  • dovlet 2009-03-30 13:43
    tüweleme gardaş öran gowy okapsyň! Gowy goşgy
  • Muhammet 2009-03-21 22:51
    Berekella kärdeş! Örän gowy okapsyň! Goşgy hem juda manyly!
  • Dovletdiktor 2009-03-21 18:42
    Керим Гурбаннепесовын гошгысы. Оран манылы гошгы!!!
  • Wesýetler boýunça – Kerim Gurbannepesow

    Çagakak “Aglamak utanç” diýdiler.
    Jahylkak “Aldamak utanç” diýdiler.
    Şeýdip endik etdik aglamazlyga.
    Şeýdip endik etdik aldamazlyga.

    Diýdiler: “Köplükde gägirmek aýyp”.
    Diýdiler: “Köçede sygyrmak aýyp”.
    Diýdiler: “Meýlisde geçmänkäň töre
    Hakyň barmy törüň özünden sora”.

    Ýene-de diýdiler: “Ulalyp ýaşyň
    Garaja gyl bilen basyrlar döşüň”
    “Döşüňe bityänçä şol gyl diýdiler.
    Günäňi geçerler, ogul!” diýdiler.
    “Döşüňe bitensoň şol gyl diýdiler,
    Döşüňe mynasyp bolgun diýdiler.”

    Diýdiler: ”Dünyäde nämedir gyt zat?”,
    Üç gezek diýdiler: “Ussat! Ussat! Ussat!”
    “Naçe gyt bolsada ussat diýdiler,
    Çyn şägirt ondanam gyt zar diýdiler ”.
    “Öwrenip ilkinji harpy – diýdiler,
    Gomalar şägirdiň galpy! ” diýdiler.
    “Galp şägirtden boluň hüşgär” diýdiler,
    “Emer-de emjegiňi dişlär” diýdiler.

    Ýene –de diýdiler: "ulamy kiçä
    Öljegňi bilseňde ýalbarma kişä! "
    “Diňe bir adama ýalbar!” diýdiler.
    Onuňam adyna dilber diýdiler.
    “Aýyp däldir näzini çekmek diýdiler
    Nazden ýüzün sowan - akmak ” diýdiler.

    “Ýene iki merde ýalbarmak bolar-
    Diýdiler ene hem atadyr olar”.
    “Ataňa ýalbarsaň galkynar ruhy”
    “Eneňe ýalbarsaň kemeler ahy”
    “Kim etse şolara tagzym – didiler,
    işi rowaç ýaşy uzyn diýdiler! “

    ...Ýene kän edepleň tutdular adyn.
    Diýdiler: “Gabanma özgäň şöhratyn!”
    “Gabanma zehiniň ezelligini!”
    “Gabanma öz joraň gözelligini!”
    “Gabanma öz äriň gerçekligini!”
    “Gabanma öz gelniň alçaklygyny!”
    “Ne näzlerin, ne de sözlerin gaban,
    Diňe oýnaklatsa...
    Gözlerin gaban!”

    Diýdiler : ”Erkekden belenttir aýal!”
    “O nämüçin ?” diýip berdiler sowal.
    Jogabyn berdiler: “Gutaryp ömrüň
    ýagty dünyä bilen hoşlaşsaň bir gün-
    Aýal är ojagyn saklar – diýdiler,
    Söýgüňü müň kerem saklar!” diýdiler.
    “Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler,
    Şeýdip ýaş ömrüni köýdür!” diýdiler.

    “ Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler,
    Bu babatda pesdir entek!” diýdiler.
    “Altmyşdan, temişden geçse de saly
    Gözlerin ýumdumy eziz aýaly –
    Ýatdan çykyp wepa ygrar – diýdiler,
    ikinjiň gözlegne ylgar!” diýdiler.

    ... Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat.
    Käbirisi aňsat. köpüsü kyn zat.
    Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler,
    Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler.
    Kyn hem bolsa,
    Şudur wesýet – diýdiler.
    Diňe kyn zat -
    Şol mukaddes! – diýdiler
    |   Home Page   |   Musics   |   Clips   |   Artists   |   Ringtone   |   Sign Up   |   Sign In   |   MP3   |   Video   |   Ringtone   |   Radio   |   Contact Us   |

    Türkmençe aýdym(MP3), klip(flv, avi, wmv) dinläň. Listen Turkmen music, video. Türkmen müziklerini, kliplerini dinleyin.
    TÜRKMENCAFE 2008 © All rights reserved.
    Valid XHTML and CSS.