Türkmençe   По Руский   Türkçe   English
Online: 20 |   Sign In  |  Sign Up  
Aglar men
Rating: 3.2/5 (total 17 vote)
Length   :  3:58 min.
Bit Rate  :  128 kbps
Size      :  3,815 KB
Download     Embed
  • Oglan 2010-01-31 11:58
    Magtymgulydan aýtsaň, Magtymgulyň beýikligine isleseň-islemeseň şärik bolýarsyň. "Aglar men"sada ýazylan, ýöne çuň filosofiki goşgy. Galyberse, bu aýdym şu günki Türkmenistana hem şapylaşyp dur. Haýp, "niçe sada deň-duşlar, Şeýtan bilen iş başlar!" Sag bol, bagshy!
  • Eý ýaranlar ömrümden
    Geçdi diýip aglar men
    Gitdi aklym ornundan
    Çaşdy diýip aglar men

    Giden dönmez ýolundan
    Düşmez ýaman pälinden
    Diýanat halkyň elinden
    Uçdy diýip aglar men

    Häzir biziň zamanda
    Ýaman sözler zybanda
    Ýaman işler jahanda
    Joşdy diýip aglar men

    Niçe sada deň-duşlar
    Şeýtan bilen başlar
    Ýüz öwürip gardaşdan
    Gaçdy diýip aglar men

    Magtymguly, diýr merde
    Dünýä bentdir, sen perde
    Bu başym sansyz derde
    Düşdi diýip aglar men

    Magtymguly Pyragy

    |   Home Page   |   Musics   |   Clips   |   Artists   |   Ringtone   |   Sign Up   |   Sign In   |   MP3   |   Video   |   Ringtone   |   Radio   |   Contact Us   |

    Türkmençe aýdym(MP3), klip(flv, avi, wmv) dinläň. Listen Turkmen music, video. Türkmen müziklerini, kliplerini dinleyin.
    TÜRKMENCAFE 2008 © All rights reserved.
    Valid XHTML and CSS.