Eneler Ynjamasyn
Adam tagzym edýär gökdäki Taňra
Berjaý edip musulmanlyk parzyny.
Ýene bir beýiklik Alladan soňra-
Ömürboýy üzmeli biz karzyny.
Ol bizden hiç bir zat hantama-da däl,
Azar ýetirmesek - bolany oňa,
Ile ýarap, ýagşy bolup niýet-päl,
Goldaw berip dursa dogan-dogana.
Enelerdir bu dünýäni saklaýan
(Bu düşünje owal köňle guýlandyr!)
Ýalkanýandyr perzent borjun haklaşan,
"Ene razy - Hudaý razy" diýlendir.
Emma welin onuň bize siňdiren
Yhlasy, mähiri ummasyz kändir.
Şeýle mähir bilen dünýä indiren
Enesin ynjydan adamam däldir!
Ene göwnün ýykjak zatlar güm bolsun,
Köýsün bähbit, peýda, ýene-ýeneler!
Bolýan bolsa, goý, ömrümiz kül bolsun,
Ýöne welin ynjamasyn eneler!
Mergen Annamuhammedow