Gysga ömürüde yz goýan Gulbaba Akyýew hakyndaky ýatlamalaryny biz bilen paýlaşan halypalar onuň sungatyň sonarly meýdanynda gülden-güle gonup ýören kebelek kimin gözlerinde galandygyny gürrüň berýärler.
2010-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Gökdere jülgesinde Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyñ eýelerine bu baýrak dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ol her ýyl ýurdumyzyñ zehinli çagalaryna gowşurylyp, geljekki has uly üstünliklere ruhlandyrýan, uly geljege tarap ynamly hereket etmäge howes ...
Read more »
Gysga ömürüde yz goýan Gulbaba Akyýew hakyndaky ýatlamalaryny biz bilen paýlaşan halypalar onuň sungatyň sonarly meýdanynda gülden-güle gonup ýören kebelek kimin gözlerinde galandygyny gürrüň berýärler.
2010-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Gökdere jülgesinde Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyñ eýelerine bu baýrak dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ol her ýyl ýurdumyzyñ zehinli çagalaryna gowşurylyp, geljekki has uly üstünliklere ruhlandyrýan, uly geljege tarap ynamly hereket etmäge howes döredýän özboluşly ýollanmadyr. Gulbaba adyndaky baýragyñ baş maksady zehinli cagalary ýüze çykarmakdan we olary howeslendirmekden ybarat.
Gulbaba Akyýew 1956-njy ýylyñ 22-nji aprelinde Mary şähe-rinde eneden doglupdyr. Ýaşajyk Gulbaba dutar çalmagyñ tärlerini, halk mukamlarynyñ inçe tilsimlerini öz kakasy — Türkmenistanyñ halk artisti Han Akyýewden, Türkmenistanyñ halk bagşylary Ödenyýaz Nobatowdan, Sahy Jepbarowdan öwrenýär. Gulbabanyñ dutar çalyş usuly gün-günden kämilleşýär. Aýdym aýtmaga-da ökdeleýär. Onuñ ýerine ýetirýän aýdymdyr sazlaram diýseñ çylşyrymly, ýerine ýetirmesem kyn aýdym-sazlar bolupdyr. Olar “Bellidir”, «Aýryldym», «Saba bilen», «Gelemen», «Begler», «Ýetişdim», «Aşyk men», «Ýarap borka», «Sataşdym», «Ak maýa gerek», «Öz halkymyñ bagşysy» ýaly aýdym-sazlardy.
Han Akyýew Gulbaba baradaky ýatlamalarynda: «Ol emedekläp ýören mahalam dutaryñ sesini eşitdigi eglenmän, şol ses gelýän tarapa howlugýardy. Ol
wagtlar bagşy-sazandalar öýde köp bolýardy. Bütin gije diýen ýaly saz çalnardy. Şonda Gulbabajygyñ arkaýyn ýatjak gümany ýokdy. Bir ýere emedekläp gelerdi-de, gözlerini tegeläp, saz diñlärdi. Ýatanda-da, uklanda-da dutar bi-len uklardy. Dutaryñ sapynyñ ujuny agzyna degrip ýatardy, şeýtmese uklap bilmezdi» diýip gürrüñ berýär.
Gulbaba Akyýewiñ ýakynlary Gulbaba barada şeýle gürrüñ berýärler. Gulbabajygyñ aýal dogany Jeren Çaryýewa: «Adama hemme çagasy eziz bolýar, ýöne şonuñ içinde öz işiñi, öz ýoluñy dowam etdirjek çagan bar bolsa, şol özüñe has ýakyn bolýar. Gulbaba-da kakam üçin onuñ kesbini dowam etdiriji ýaly boldy. Sebäbi dünýä inmezinden öñ Gulbaba kakamyñ düýşüne giripdir. Şonda oña: «Saña Hudaý tarapyndan bir çaga berler. Oña Gulbaba adyny dakarsyñ. Ýöne onuñ ömri gysga bolar» diýlipdir. Şol wagtam ejem agyraýak eken. Gulbabajyk dünýä inýänçä, kakam ol düýşi hiç kime gürrüñ bermändir» diýip, ýatlamalar ýumagyny çözleýär. 40 günlük bolýança hiç kim Gulbabanyñ aglanyny eşitmändir. Şonuñ üçinem onuñ üýtgeşik çagadygy turuwbaşdan aýan bolupdyr.
— Gulbabajygyñ üýtgeşik çaga bolandygy iki ýaş dört aýlykka bildirýär, şonda ol ilkinji gezek aýdyma hiñlenip başlaýar. Bir gün kakam iş saparyndan gelende, uly agam öñünden çykyp, gözüne ýaş aýlap: «Kaka, saña bir täzelik aýdaýyn. Kaka, babam-a (Biz Gul-baba babam diýýärdik) aýdym aýdýar» diýýär. 0l üç ýaş elli sekiz gün diýlende, radio-telewideniýede, köpçüligiñ öñünde du-tar çalyp, aýdym aýdyp başlaýar — diýip, Jeren Çaryýewa sözüni dowam etdirýár. 0l şeýle diýýär «Dutarda Ödenyýaz Nobat, gyjakda Han Aky, aýdym aýdýar Gulba-ba, 3 ýaş 58 gün» diýen ses ýazgysy hem bar.
Çaga bolansoñ, ol utanmanam bilenok, bir gezek Aşgabatda köpçüligiñ öñünde aýdym aýdyp otyrkalar, aýdymyñ ýarysyna ýetende aýdym aýtmasyny goýýar-da, «Aý, kaka, men-ä ýadadym» diýýär. Oturan märeke oña ýerinden ör turup, el çarpýar. Gul-baba 1964-nji ýylda Moskwada geçirilen «Türkmenistanyñ 10 günlügine» hem gatnaşýar.
Han Akyýewiñ ogly Çary Gulbabanyñ çalan dutaryny, geýen milli egin-eşiklerini, çykyş eden ýerleriniñ suratlaryny aýap saklaýandygyny aydyar. Jeren Çaryýewa bolsa 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyñ gowşurylýandygyny, muña bolsa bütin maşgalanyñ guwanýandygyny buysanýar. Mary şäherindäki köçeleriñ birine Gul-babanyñ adynyñ dakylandygy hem onuñ sarpasynyñ belent tutulýandygyny görkezýár.
Bagşylary öwreniji Meret Rejebow hem Gulbaba hakyndaky ýatlamalaryny biziñ bilen paýlaşýar: «Daşgaladaky waka» atly kinoda Gulbabanyñ surata düşen ýeri köp. Ol kino režissýorlyk eden Türkmenistanyñ sungatda at gazanan işgäri Meret Atahanow her gürrüñinde: «Ol Gulbaba däl, Gülbaba» diýip, onuñ adyny güle ýanaýardy. Meret Atahanow Gul-babanyñ kino surata düşýän mahaly özüni arkaýyn duýýandygyna syny oturyp, soň ony ýene-de iki kinoda surata düşürýär. 1964-nji yylda özbek žurnallarynyñ birinde Gulbabajygyñ dutarly düşen suraty bar. Gulbabadan 4-5 ýaş ulurak oglanjygyñ oña ýazan «salam haty» hem bar».
Türkmenistanyñ halk bagşysy Akmyrat Çaryýew: «Men gürrüñimiñ başyny Gulbabanyñ halk içinde meşhurlyk gazanan aýdymy hakyndaky söhbetden başlamakçy. Ol aýdymyñ sazy Sahy Jepbarowyñkydy. «Öz ilimiñ,öz halkymyñ bagşysy men» diýen şol aýdymy Gulbaba çaga kalby, çaga mähri bilen joşup aýdýardy. Körpe bagşy Gulbaba öz iliniñ bagşysydy. Ol yaşan gysgajyk ömründe köp zatlara ýetişdi. Hatda halypalaryñ ýanynda sazandarlygam edip görüpdi. Ol 97 sapar halk arasynda konsert berdi. Şolaryñ ikisi Moskwa saherinde geçirildi. Ol 200-den gowrak aýdym bilýärdi» diýip, ýaşajyk bagşy hakyndaky ýatlamalaryny jemleýär.
«Gülle, ýaşlyk!» çagalar tans toparynyñ çeper ýolbaşçysy, Türk-menistanyñ at gazanan medeniýet işgäri Bäşim Gökjäýew hem Gul-baba hakynda gyzykly gürrüñ berdi: «Gulbaba sungata berlen çagady, ol ýepiksizje göwresi bi-len dutary eline alyp, saz çalyp başlaýar welin, diñleýji sazyñ içine girip, tutuş dünýäni unudýardy. Onuñ barmajyklary şeýle bir çalt hereket ederdi welin, seredip oturşymyza haýran galardyk. Diñe onuñ ömrüniñ uzak bolmagyny dilärdik. Gulbaba özüni köpçüligiñ içinde-de şahandaz hem şadyýan alyp barardy. Ol dynç alyş wagtlary töweregine adamlary üýşürip, saz çalyp oturandyr, bir görseñem, dutaryny deprek, tar, mandalyn edip çalyp ýa-da başga sazandalara öýkünip otu-randyr. Gulbaba çaga bolansoñ, onuñ eden hereketi gelşip durandyr, bir gören hereketini şol adamyñ özi bolup gaýtalardy. Men Gulbabany gülden-güle gonup ýören kebelege meñzedýärin» diýip, Başim Gökjäýew gürrüñ berýär.
Körpe Jumadurdyýewa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
(Nesil gazedi)