Nazar Annagurbanyň öz sahypasy
Nazar Annagurban, 1986-ýylda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Käbir sebäpler bilen Ata Watandan alys ýurda maşgalasy bilen göçüp gidýär. Häzir Norwegia döwletinde ýaşaýar.
Türkmen saz sungaty soñky 20 ýyllykda "durgunlyk" ýyllaryny başdan geçirýär diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ýöne, bu durgunlyga badalga boljak ýaşlarymyzy aramyzda görmek bizi örän buý ...
Read more »
Nazar Annagurbanyň öz sahypasy
Nazar Annagurban, 1986-ýylda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Käbir sebäpler bilen Ata Watandan alys ýurda maşgalasy bilen göçüp gidýär. Häzir Norwegia döwletinde ýaşaýar.
Türkmen saz sungaty soñky 20 ýyllykda "durgunlyk" ýyllaryny başdan geçirýär diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ýöne, bu durgunlyga badalga boljak ýaşlarymyzy aramyzda görmek bizi örän buýsandyrýar.
Ynha, şol ýaşlarymyzyñ biri hem Nazar Annagurban. Häzirki wagtda, Norwegiýada okuwyny dowam etdirýär. Ykbal bu Nazary ýat illere myhman edýär. Elbetde her bir işde "haýyr" bar diýipdirler.
Nazar çagalyk wagtynda hem beýleki çagalara garañda saza bolan duýgusy üýtgeşikdi. Kakasynyñ alyp beren sintezatory bu sungata has içgin iteren ilkinji saz guraly. Bu höwes ýaşaýan ýeri Norwegiadaky okuwdan daşary sazçylyk mekdebine getirýär. 2 ýyl sazçylyk mekdebine gatnap, ol yzyny özi dowam etdirmek isleýär we ondan soñ özüni Internet arkaly gelişdirýär. Höwes, hyjuw, yhlas, zehin birleşip bu oglanjygy saz sungatynyñ aýrylmaz bölegine öwürýär.
Nazaryñ döredýän sazlary Türkmen ruhynyñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen saz gurallarynyñ: dutaryñ, gyjagyñ, we tüýdügiñ heñi bilen beýnisi bekän bu şahsyýete Türkmen duýgusyna ýakyn sazlary döretmek gaty düşmedik bolsa gerek. Ilki bilen ol "Slow to react" we "Longing for long" diýen atly sazlary çykarýar. Emma bir stilde durmaýar, synag etmegi gowy görýäni üçin dürli-dürli elementler garyp, üýtgeşik sazlar döredýär. Onyñ stilini kesgitlemeli bolsak, "añsat diñlenýän" sazlar diýsek bolar.
Hakykatdanam häzirki döwürde bir Türkmen hökmünde bu ýaş oglanyñ sazlarynyñ içinde "Milli ruhy" görmek örän guwandyryjy waka. Geljekde hem Nazar Annagurbana saz sungatynda uly üstünlikler arzuw edýäris.
ýazan: S.K.